37.11M
Category: pedagogypedagogy

Magtymguly icinde

1.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Milli bilim instituty
Magtymguly Pyragynyň 290
ýyllygyna
«IÇINDE»
Taýýarlan: Türkmenistanyň Milli bilim
institutynyň bölüm müdiri O.Matalowa.
Ses ýazgysy: Uly ylmy işgär G.Sahatowa.
O.A.Matalowa

2.

Magtymguly Pyragy türkmen
halkynyň milli şahyrydyr, milli
guwanjydyr. Ol umumyadamzat
şahyrydyr. Magtymguly şahyr uly
edebi hazynany bize miras goýupdyr.
O.A.Matalowa

3.

Magtymguly şahyr zergär hem bolupdyr. Zergär diýip kümüş ussasyna
aýdylýär. Ol gelin-gyzlar üçin kümüşden, altyndan şaý-sep ýasaýan ussa.
O.A.Matalowa

4.

Ýaýylar ganat-perler,
Hup açylar depderler
Bölek-bölek kepderler
Hüw düýr harman içinde.
O.A.Matalowa

5.

Bilbil aýdar: köşgüm bar,
Bahar gözleşigim bar,
Gülzar üçin yşkym bar,
Bagy-bossan içinde.
O.A.Matalowa

6.

Durna aýdar uçar men,
Bagdat suwun içer men
Gyş Hindistan göçer men
Läle-zaran içinde.
O.A.Matalowa

7.

Turaç tili senada
Ordek tili penada
Gazlar galkyp howada
Gözi umman içinde.
O.A.Matalowa

8.

Turaç tili senada
Ordek tili penada
Gazlar galkyp howada
Gözi umman içinde.
O.A.Matalowa

9.

Toty guşlar zarlaşyp,
Emri-hakny gözleşip,
Adam tilin sözleşip,
Gezer ynsan içinde
O.A.Matalowa

10.

Keýik aýdar: aglar men
Haka sydkym baglar men,
Balalarym derdinden
Ýüregim gan içinde.
O.A.Matalowa

11.

At aýdar: aslym zordur,
Munça gymmatym bardyr,
Üstüme münen ärdir,
Daglarda daş içinde.
O.A.Matalowa

12.

Ýaby aýdar: men gende,
Üstüme münen bende,
Azabym köpdür günde,
Özüm hyzmat içinde.
O.A.Matalowa

13.

Düýe aýdar: otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Elmydama botlar men
Selin-sazak içinde.
O.A.Matalowa

14.

Gurt aýdar: üzer men,
Nirden kylsam güzer men,
Ryzkym awlap gezer men
Çöl-beýewan içinde.
O.A.Matalowa
English     Русский Rules