2.63M
Category: informaticsinformatics

Oturdylan grafikany peýdalanmak

1.

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
TÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM INSTITUTY
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň VII synplary
üçin interaktiw-multimedia elektron gollanmasy
AŞGABAT 2014

2.

3.

Slaýdlarda ýygy-ýygydan geometriki
figuralar, ugur gökezgiçler ulanylýar.
Microsoft Office programmalar toplumynda bu
obýektlere figuralar diýip at berilýär. Olar:
линии
(çyzyklar),
прямоугольники
(gönüburçluklar), основные фигуры (esasy
figuralar), фигурные стрелки (figuraly ugur
görkezgiçler),
фигуры
для
формул
(formulalar üçin figuralar), блок-схемa (blok
shemalar), звезды и ленты (ýyldyzlar we
lentalar),
выноски
(çykgytlar),
управляющие
кнопки
(dolandyryjy
düwmeler) ýaly toparlara bölünýär.
Figuralary ulanmak üçin,
Вставка menýudan
Вставка→Фигуры yzygiderligi ýerine ýetirmeli.
Figuralaryň içinde tekst ýazmak üçin, degişli figuranyň
üstüne syçanyň görkezijisini eltmek bilen, sag gulagyny
basyp, Изменить текст buýrugy bermeli.

4.

Figuralaryň reňki üýtgetmek we boýamak, çyzygyň reňkini we inini
üýtgetmek, kiçi (ştrih) çyzyklaryň görnüşlerini üýtgetmek,
figuraly ugur
görkezgiçleriň görnüşini üýtgetmek, kölege bermek usullaryny üýtgetmek we
figuralara göwrüm bermek ýaly mümkinçilikleri bardyr .
Figuralar tapawutlandyrylanda, markerler
peýda bolup, figuralaryň geometriki
häsiýetini (meselem, ölçegini we ýerleşişini)
üýtgedip bolýar.
Mysal. Figuralary ulanyp, prezentasiýa
döredeliň.
PowerPoint prezentasiýa programmany işe
goýberýäris. Ülňülerden islegimize görä
birini
Файл→Создать→Образцы
шаблонов→<ülňünisaýlamaly>→Создать
yzygiderlikde peýdalanyp saýlamak bolar.
Slaýda “Figuralary ulanmak” diýen sözbaşy
ýazalyň we faýldan surat alyp goýalyň

5.

Заголовок и объект maketi boýunça bezemek bilen, sözbaşyda
“Meniň kompýuterim” teksti ýazalyň. Faýldan surat alyp goýalyň.
Вставка menýudan Вставка→Надпись
yzygiderligi ýerine ýetirip,
“Sistema blogy”, “Monitor” ýazgylary ýazalyň. Slaýda görkezijileri goýmak üçin,
Вставка menýudan Вставка→Фигуры yzygiderligi peýdalanýarys. Islegimize
görä figuralary alyp goýalyň. Figuralaryň boýagyny we ölçeglerini üýtgedeliň.
Figuralaryň içinde tekstleri ýazalyň .

6.

Üçünji slaýdda sözbaşa “Geometrik figuralar” teksti ýazalyň we
figuralary ýerleşdireliň. Figuralary dürli reňkde şekillendireliň. Kwadraty, kuby,
tegelegi Shift klawişi basyp saklap, şekillendirmek bolar.

7.

Dördünji slaýdymyza aýazbabanyň suratyny alyp goýalyň. Onuň üçin
Вставка menýudan Вставка→Картинка yzygiderligi ýerine ýetirmeli. Soňra
bolsa Вставка menýudan Вставка→Фигуры→Выноски (çykgytlar)
yzygiderligi ýerine ýetirip, “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen ýazgyny ýazalyň .
Prezentasiýany kompýuteriň ýadynda saklalyň we synlap göreliň.

8.

Gönükmeler
Prezentasiýada
faýllardan
suraty,
surat
toplumyndan suratlary, figuralardan Günüň,
Aýyň, ýyldyzyň şekilini alyp aşakdaky temalarda
prezentasiýalar dörediň:
1.“Gije we gündiz”;
2.“Geometrik figuralar”;
3.“Ertekiler”.

9.

Interaktiw-multimedia elektron
gollanmanyň awtorlary:
Saryýew Döwran
Ataýew Kakageldi
Garýagdyýew Oraz
English     Русский Rules